Esasy materiala geçiň

Halas bolmak nämäni aňladýar?

Halas bolmak nämäni aňladýar?

Mukaddes Kitabyň jogaby

 Mukaddes Kitapda «halas bolmak» we «gutulyş» diýlende, howpdan ýa-da ölümden halas bolmaklyk göz öňünde tutulýar (2 Musa 14:13, 14; Resullar 27:20). Emma köplenç bu söz günäden halas bolmagy aňladýar (Matta 1:21). Biz günäli bolandygymyz üçin ölüme sezewar bolýarys. Şol sebäpli günäden halas bolan adamlaryň ebedi ýaşamaga umydy bar a (Ýahýa 3:16, 17).

Halas bolmak üçin näme etmeli?

 Halas bolmak üçin Isa pygambere iman etmek we onuň tabşyryklaryny berjaý edip, imanyňy görkezmek örän wajyp (Resullar 4:10, 12; Rimliler 10:9, 10; Ýewreýler 5:9).

 Mukaddes Kitaba görä, biz edýän işlerimiz ýa-da gulak asmak bilen imanymyzyň diridigini görkezmeli (Ýakup 2:24, 26). Emma bu biziň gutulyşy gazanyp bilýändigimizi aňlatmaýar. Gutulyş — «Hudaýyň sowgady». Biz bu sowgada Onuň merhemeti arkaly eýe bolýarys (Efesliler 2:8, 9).

Gutulyş umydyndan mahrum bolup bilerismi?

 Hawa. Suwa gark bolan adamy halas edenlerinden soň, onuň ýene suwa gaçmagy ýa-da bökmegi mümkin. Şonuň ýaly-da günäden saplanan adam iman etmegini bes etse, halas bolmak umydyny ýitirip biler. Şol sebäpli Mukaddes Kitapda günäden halas bolan adama «gaýduwsyz göreş alyp barmalydygy» maslahat berilýär (Ýahuda 3). Şeýle-de: «Gorky we titreme bilen halas bolmak üçin tagalla ediň» diýip ündew berilýär (Filipililer 2:12).

Hudaý halas edermi ýa-da Isa Mesih?

 Mukaddes Kitapda Hudaýa gutulyşyň gözbaşy we köplenç «Halasgär» diýilýär (1 Şamuwel 10:19; Işaýa 43:11; Titus 2:10; Ýahuda 25). Şeýle-de Hudaýyň kömegi bilen gadymy ysraýyl halkyny duşmanlardan halas eden adamlara «halasgärler» diýilýär (Nehemýa 9:27; Serdarlar 3:9, 15; 2 Patyşalar 13:5) b. Mukaddes Kitapda Isa Mesihe-de «Halasgär» diýilýär. Sebäbi Hudaý Isa pygamberiň töleg gurbany arkaly adamlara halas bolmaga mümkinçilik berýär (Resullar 5:31; Titus 1:4) c.

Hemmeler halas bolarmy?

 Ýok, käbir adamlar halas bolmaz (2 Selanikliler 1:9). Bir gezek Isadan: «Halas boljaklar azmy?» diýip soranlarynda, ol: «Dar gapydan girmek üçin jan ediň. Sebäbi köpler girjek bolar, ýöne başarmazlar» diýdi (Luka 13:23, 24).

Adamlaryň halas bolmalydygy baradaky ýalan düşünjeler

 Ýalan düşünje: 1 Korinfliler 15:22-de: «Mesih arkaly hemmeler ýaşaýşa gowşar» diýilýär. Diýmek, hemme adamlar halas bolar.

 Delil: Bu aýadyň kontekstinde direliş barada gürrüň edilýär (1 Korinfliler 15:12, 13, 20, 21, 35). Şol sebäpli «Mesih arkaly hemmeler ýaşaýşa gowşar» diýen sözler direljek adamlaryň Isa Mesih arkaly ýaşaýşa gowuşjakdygyny aňladýar (Ýahýa 11:25).

 Ýalan düşünje: Titus 2:11-de: «Sebäbi Hudaýyň ähli adamlary halas edýän merhemeti aýan boldy» diýilýär. Bu sözler hemme adamlaryň halas boljakdygyny aňladýar.

 Delil: Grek dilinden «ähli adamlar» diýip terjime edilen sözler dürli adamlar diýmegi hem aňladyp biler d. Şol sebäpli Titus 2:11-däki sözler Hudaýyň dürli, ýagny, «ähli milletden, taýpadan, halkdan we dilden bolan» adamlary halas etjekdigini görkezýär (Ylham 7:9, 10).

 Ýalan düşünje: 2 Petrus 3:9-a görä, Hudaý «hemmeleriň toba etmegini isleýär». Bu sözler hemme adamlaryň halas boljakdygyny subut edýär.

 Delil: Hudaý adamlaryň halas bolmagyny isleýär, ýöne ol halas bolmak üçin goýan talaplaryny kabul etmegi mejbur etmeýär. Hudaýyň «höküm gününde» «hudaýsyz adamlar ýok ediler» (2 Petrus 3:7).

a Mukaddes Kitapda adamlaryň eýýäm halas bolandygy barada aýdylsa-da, aslynda, olar günäden we ölümden gelejekde halas bolar (Efesliler 2:5; Rimliler 13:11).

b Getirilen aýatlardaky «halasgär» sözüne derek Mukaddes Kitabyň başga terjimelerinde «gutaryjy» diýen söz hem ulanylýar. Mukaddes Kitabyň asyl nusgasynda (Ýewreý ýazgylarynda) adamlar üçin ulanylan bu söz Ýehowa Hudaýa hem degişli edip ulanylýar (Zebur 7:10).

c Isanyň ady ýewreýçe «Ýehoşua» bolup, «Ýehowa halasgär» diýmegi aňladýar.

d «Vine‘s Complete Expository Dictionary of Old and New Testament Words» atly sözlüge serediň. Matta 5:11-nji aýadyň asyl nusgasynda hem şu söz ulanylýar. Onda Isanyň şägirtleri barada adamlar «her hili ýalan hem-de erbet zatlary aýdar» diýilýär.