Esasy materiala geçiň

Mukaddes Kitapda bir gezek halas bolan adam hemişelik halas bolýar diýen taglymat barmy?

Mukaddes Kitapda bir gezek halas bolan adam hemişelik halas bolýar diýen taglymat barmy?

Mukaddes Kitabyň jogaby

 Ýok, Mukaddes Kitapda bir gezek halas bolan adam hemişelik halas bolýar diýip öwredilmeýär. Isa Mesihe iman edip, halas bolmaga umyt eden adam imanyny hem, umydyny hem ýitirip biler. Mukaddes Kitapda imanyňy ýitirmezlik üçin «gaýduwsyz göreş alyp barmaly» diýilýär (Ýahuda 3, 5). Isa pygambere iman eden irki mesihçilere: «Gorky we titreme bilen halas bolmak üçin tagalla ediň» diýip maslahat berildi (Filipililer 2:12).

Bu taglymatyň nädogrudygyny subut edýän Mukaddes Kitapdaky aýatlar

  •   Mukaddes Kitabyň aýtmagyna görä, agyr günä eden adam Hudaýyň Patyşalygyna girmez (1 Korinfliler 6:9—11; Galatýalylar 5:19—21). Eger bir gezek halas bolan adam hemişelik halas bolýan bolsa, onda şeýle maslahatlaryň peýdasy bolmazdy. Ýazgylarda gutulyşy kabul eden adamyň ýene-de günäli ýoluna dolanyp biljekdigi aýdylýar. Meselem, Ýewreýler 10:26-da: «Eger biz hakykat barada dogry bilim alyp-da, bilgeşleýin günä etsek, onda günälerimiz üçin hödürlenjek başga gurban ýokdur» diýilýär (Ýewreýler 6:4—6; 2 Petrus 2:20—22).

  •   Imanyňy berk saklamagyň wajypdygyny bellemek üçin, Isa özüni üzüm agajyna, şägirtlerini bolsa onuň şahalaryna meňzetdi. Olaryň käbiri imanyny iş ýüzünde görkezdiler, göçme manyda aýdanyňda, miwe berdiler. Emma biraz wagtdan, olar miwe bermegini bes eden şahalar ýaly boldular; şol sebäpli halas bolup bilmediler (Ýahýa 15:1—6). Pawlus resul hem şuňa meňzeş mysal getirip, imanyny gorap saklamadyk mesihçileriň «kesilip taşlanjakdygyny» aýtdy (Rimliler 11:17—22).

  •   Mukaddes Kitapda mesihçilere «oýa bolmak» tabşyrylýar (Matta 24:42; 25:13). Ruhy taýdan oýa bolmadyk adamlar «tümlüge degişli işleri edip» ýa-da Isanyň tabşyryklaryny doly ýerine ýetirmän halas bolmak mümkinçiligini elden gidirýärler (Rimliler 13:11—13; Ylham 3:1—3).

  •   Mukaddes Kitapda gutulyşy kabul eden adamlaryň soňuna çenli wepaly galmalydygy barada ençeme gezek aýdylýar (Matta 24:13; Ýewreýler 10:36; 12:2, 3; Ylham 2:10). I asyrda ýaşan mesihçiler dogan-uýalaryň çydamlylygy we imany barada eşidenlerinde begenýärdiler (1 Selanikliler 1:2, 3; 3 Ýahýa 3, 4). Eger çydamlylyk görkezmedik adamlar hem halas bolýan bolsa, onda Hudaýa wepaly galmak barada ýatladyp durmagyň peýdasy bolardymy?

  •   Pawlus resul ölümine az wagt galanda, halas boljakdygyny ynam bilen aýtdy (2 Timoteos 4:6—8). Eger Pawlus ondan öň ten höwesleriniň täsirine düşen bolsa, gutulyşa bolan umydyny ýitirip biljekdigine düşünýärdi. Şol sebäpli ol: «Başgalara wagyz edip, özüm Hudaýyň merhemetinden mahrum bolmaz ýaly, bedenimi horlap, ony gul edýärin» diýip ýazdy (1 Korinfliler 9:27; Filipililer 3:12—14).