Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

9-NJY BÖLÜM

Ysraýyllylar patyşa talap edýär

Ysraýyllylar patyşa talap edýär

Ysraýylyň ilkinji patyşasy Saul Ýehowa gulak asmaýar. Oňa derek Dawut patyşa bolýar, Hudaý onuň bilen patyşalyk barada ebedi äht baglaşýar

ŞIMŞON ölenden soň, Ysraýylda Samuel pygamber kazy bolup gulluk edýär. Ysraýyllylar oňa başga halklardaky ýaly ynsan patyşasynyň höküm sürmegini isleýändigini aýdýarlar. Olaryň bu talaby Ýehowa agyr degse-de, ol Samuele halkyň islegini berjaý etmegi tabşyrýar. Hudaý Saul atly kiçigöwünli adamy patyşa saýlaýar. Emma wagtyň geçmegi bilen, Saul patyşa tekepbirlik edip, Hudaýa gulak asman başlaýar. Ýehowa ony inkär edýär we Samuele Dawut atly bir ýaş ýigidi patyşa edip bellemegi tabşyrýar. Emma Dawut tagta geçýänçä ençeme ýyl gerek.

Dawut entek ýetginjekkä, Saulyň goşunynda gulluk edýän doganlaryndan habar tutmaga barýar. Şol wagt ysraýyllaryň bütin goşuny duşmanyň ägirt uly esgeri Golýatdan gorkup durdy. Ol ysraýyllylaryň we olaryň Hudaýynyň üstünden gülýärdi. Muňa Dawudyň gahary gelýär we ol Golýat bilen söweşmegi ýüregine düwýär. Ýaş ýigit diňe sapany we bary-ýogy birnäçe daş bilen boýy üç metre golaý duşmanyň öňüne çykýar. Golýat Dawudyň üstünden gülende, ýaş ýigit özüniň ondan has gowy ýaraglanandygyny aýdýar, çünki Dawut Ýehowa Hudaýyň ady bilen söweşýärdi. Dawut Golýaty ýekeje daş bilen öldürýär, soňra onuň öz gylyjy bilen başyny alýar. Bu zatlary gören filistililer gorkup gaçýar.

Ilkibaşda, Dawudyň batyrgaýlygy Saula gowy täsir edýär we ol ony goşun serkerdesi edip belleýär. Emma soňra Saul Dawuda göripçilik edip başlaýar. Dawut janyny halas etmek üçin gaçmaly bolýar we ençeme ýyl gaçgaklykda ýaşaýar. Saul Dawudy birnäçe gezek öldürjek bolýar, emma Dawut şonda-da oňa wepaly galýar, çünki ol Sauly patyşalyga Ýehowa Hudaýyň belländigine düşünýärdi. Ahyrsoňy, Saul söweşde wepat bolýar. Şondan soň Dawut Ýehowanyň wada edişi ýaly, patyşa bolýar.

«Men onuň patyşalyk tagtyny ebedi berkarar ederin» (2 Şamuwel 7:13)

Dawut patyşa Ýehowa üçin ybadathana gurmak isleýärdi. Emma Ýehowanyň aýtmagyna görä, ybadathanany Dawut däl-de, onuň nesli gurmalydy. Ol Dawudyň ogly Süleýmandy. Muňa garamazdan, Hudaý Dawut bilen ajaýyp äht baglaşyp, ony sylaglaýar: onuň maşgalasyndan patyşalaryň nebereleri, hatda Erem bagynda wada edilen Halasgär, ýagny Nesil hem gelmelidi. Ol Hudaý tarapyndan iberilen Mesihdi. Mesih «Bellenen» diýmegi aňladýar. Ýehowanyň wada edişine görä, Mesih hökümetiň, ýagny gökde berkarar edilen ebedi Patyşalygyň Hökümdary bolmalydy.

Dawut Ýehowa ýürekden minnetdarlyk bildirip, ybadathananyň gurluşygyna ummasyz köp serişde sarp edýär we gymmat baha daşlary sowgat berýär. Şeýle-de ol ençeme mezmur ýazýar. Dawut ölüminiň öňüsyrasy: «Ýehowanyň ruhy men arkaly gepledi, onuň sözi dilimdedi» diýdi (2 Şamuwel 23:2).

1 we 2 Samuel; 1 Taryhlar kitaplaryna we Işaýa 9:7; Matta 21:9; Luka 1:32; Ýahýa 7:42-ä esaslanýar.