Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

23-NJI BÖLÜM

Hoş habar ähli ýere ýaýraýar

Hoş habar ähli ýere ýaýraýar

Pawlus hoş habary wagyz etmek üçin syýahat edýär

PAWLUS mesihçi bolandan soň, Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary yhlasly wagyz edýär. Öň mesihçileri yzarlan adam, indi özi zalym yzarlamalara döz gelmeli bolýar. Ol arman-ýadaman ençeme gezek uzak ýerlere syýahat edip, Hudaýyň ilkibaşdaky niýetini amala aşyrjak Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz edýär.

Pawlus ilkinji wagyz syýahatynda Listra şäherinde bir dogabitdi agsak adamy sagaldýar. Şonda halaýyk Pawlus bilen onuň ýoldaşy Barnabasa taňrydyr öýdýärler. Hatda adamlar olar üçin mal gurbanyny berjek bolýarlar, ýöne olar märekäni zordan saklaýar. Soňra duşmanlar bu adamlary öjükdirýär. Olar Pawlusy daşlaýarlar we ony ölendir öýdüp, şäherden çykarýarlar. Emma Pawlus ölmeýär. Ol şägirtleri ruhlandyrmak üçin, ýene-de Listra şäherine barýar.

Ýehudy mesihçileriň käbiri ýehudy däl imandaşlaryndan Musanyň kanunynyň belli bir bölegini berjaý etmegi talap edýärler. Pawlus bu meseläni çözmek üçin Iýerusalimdäki resullara we ýaşululara ýüz tutýar. Olar Ýazgylary çuňňur öwrenip, Hudaýyň mukaddes ruhy arkaly ýygnaklara hat ýazýarlar. Ol hatda mesihçilere butlara gurban edilen iýmitlerden, gandan, boglan haýwanlaryň etinden, zynadan gaça durmak maslahat berilýär. Bu tabşyryk «wajyp», ýöne Musanyň kanunyny berjaý etmek talap edilmeýärdi (Resullaryň işleri 15:28, 29).

Pawlus ikinji wagyz syýahatynda häzirki Gresiýanyň çäginde ýerleşýän Weriýa şäherine barýar. Bu ýerde ýaşaýan ýehudylar Mukaddes Ýazgylary her gün okap, sözi bütin göwünjeňlik bilen kabul edýärler. Pawlus ýene-de yzarlamalara duçar bolýar, ýöne bu gezek Afina gaçýar. Pawlus ol ýerde sowatly adamlaryň öňünde çykyş edýär. Onuň bu çykyşy dilewarlyk sungatynyň, düşgürligiň we sypaýyçylygyň nusgasy bolýar.

Üçünji wagyz syýahatyndan soň, Pawlus Iýerusalime dolanýar. Ol ybadathana baranda, ýehudylar ony öldürmek üçin halky öjükdirýär. Munuň öňüni almak üçin rim esgerleri ara goşulýarlar. Olar Pawlusy sorag edende, onuň Rimiň raýatydygyny bilýärler. Şol sebäpli resulyň Rim häkimi Feliksiň öňünde hoş habary goramaga mümkinçiligi bolýar. Ýehudylar Pawlusa garşy aýdan aýyplamalaryny subut edip bilmeýärler. Pawlus ýehudylaryň toruna düşmezlik üçin, Rimiň başga bir häkimi Festusa: «Men dawamy kaýsara arz edýärin» diýýär. Festus hem oňa: «Kaýsara-da gidersiň» diýýär (Resullaryň işleri 25:11, 12).

Pawlusy sud etmek üçin Italiýa iberýärler. Ýolda gämi heläkçilige uçraýar we ol gyşyny Malta adasynda geçirmeli bolýar. Ol Rime gelende, kireýine tutan jaýynda iki ýyl ýaşaýar. Resul tussag astynda bolsa-da, ol ýanyna gelýän ähli adamlara Hudaýyň Patyşalygy barada yhlas bilen wagyz edýär.

Resullaryň işleri 11:22—28:31-nji aýatlaryna esaslanýar.