Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

OÝA BOLUŇ!

Russiýa Ukraina hüjüm edýär

Russiýa Ukraina hüjüm edýär

 Köp ýurtlaryň baştutanlary garşy çyksa-da, 2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda irden Russiýanyň goşuny Ukraina çozdy. Iki ýurduň arasyndaky harby çaknyşyk dünýäniň ýagdaýyna nähili täsir eder? Şondan birnäçe gün öň, BMG-nyň Baş kätibi Antoniu Guterriş şeýle diýdi: «Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky dawa Ýewropa ýurtlarynyň we bütin dünýäniň asudalygyny hem parahatlygyny bozar, köp adamlar ejir çeker».

Mukaddes Kitapda häzirki bolýan wakalar hakda näme diýilýär?

Uruşlar haçanam bolsa gutararmyka?

  •   Mukaddes Kitapda Hudaýyň «ýeriň dört künjeginde uruşlary togtatjakdygy» aýdylýar (Zebur 46:9). Allanyň wadalary barada bilmek isleseňiz, «Ýagty gelejege umyt» atly makalany okap bilersiňiz.

  •   Isa pygamber şägirtlerine Hudaýyň Patyşalygynyň gelmegi hakda dileg etmegi öwretdi (Matta 6:9, 10). Patyşalyk — Hudaýyň gökdäki hökümeti. Patyşalygy arkaly Hudaý bütin ýer ýüzünde islegini amala aşyrar, şonda parahatlyk bolar. Patyşalygyň size berjek bereketleri barada «Hudaýyň Patyşalygy näme?» diýen wideodan görüň.

 Ukrainada 129 000-den gowrak Ýehowanyň Şaýady ýaşaýar. Olar Isa pygamberiň göreldesine eýerip, syýasata we urşa goşulmaýar (Ýahýa 18:36). Diňe Hudaýyň Patyşalygy dünýädäki kynçylyklary we uruşlary doly aýryp biler. Ýehowanyň Şaýatlary bu barada adamlara wagyz edýärler (Matta 24:14). Geljekki gowy durmuş hakda köpräk bilmek üçin biziň bilen habarlaşyň.