Esasy materiala geçiň

Agyr muşakgat näme?

Agyr muşakgat näme?

Mukaddes Kitabyň jogaby

 Agyr muşakgat diýlende, bütin adamzadyň üstüne injek juda kyn döwür göz öňünde tutulýar. Mukaddes Kitapdaky pygamberlige görä, bu döwür «soňky günlerde» ýa-da «ahyrzamanyň» öňüsyrasynda bolar (2 Timoteos 3:1; Danyýar 12:4). Mukaddes Kitapda: «Şol günler şeýle agyr muşakgat bolar welin, ol Hudaýyň ýaradan döwründen tä şu günlere çenli ne bolandyr, ne-de bolar» diýilýär (Markus 13:19; Danyýar 12:1; Matta 24:21, 22).

Agyr muşakgat döwri boljak wakalar

Agyr muşakgatdan soň boljak wakalar

  •   Şeýtan we onuň jynlarynyň täsiri çäklendiriler. Baş perişde Mikaýyl Şeýtany hem-de onuň jynlaryny «düýpsüz çuňluga» taşlar. Şonda olar ölen ýaly ýagdaýda bolar (Ylham 20:1—3). Düýpsüz çuňluga taşlanan Şeýtanyň ýagdaýyny türmede oturan adama meňzetse bolýar; ol indi hiç kime zyýan ýetirip bilmez (Ylham 20:7).

  •   Mesihiň müňýyllyk hökümdarlygy başlanýar. Hudaýyň Patyşalygynyň Müňýyllyk hökümdarlygynda adamlara bol bereket berler (Ylham 5:9, 10; 20:4, 6). «Hiç kimiň sanap bilmedik uly märekesi» «agyr muşakgatdan» sag-aman geçip, ýer ýüzünde ýaşarlar (Ylham 7:9, 14; Zebur 37:9—11).

a Ylham kitabynda ýalan din Beýik Wawilon, «bozuk aýal» diýip atlandyrylýar (Ylham 17:1, 5). Beýik Wawilony «gyrmyzy reňkli wagşy haýwan» ýok eder. Bu wagşy haýwan halklary birleşdirýän we olaryň wekili bolmak isleýän guramany aňladýar. Başda oňa Milletler Ligasy, häzir bolsa Birleşen Milletler Guramasy diýilýär.