Esasy materiala geçiň

Mukaddes Kitap ynsan akyldarlygy bilen ýazylan kitapmy?

Mukaddes Kitap ynsan akyldarlygy bilen ýazylan kitapmy?

Mukaddes Kitabyň jogaby

 Mukaddes Kitaba Hudaýyň Sözi hem diýilýär. Onda ençeme parasatly sözler ýazylan. Mukaddes Kitabyň özünde-de: «Ýazgylaryň hemmesi Hudaýyň ylhamy bilen ýazylandyr» diýilýär (2 Timoteos 3:16). Bu sözleriň dogrudygyny tassyklaýan ençeme subutnamalar bar. Geliň, olaryň käbirine seredeliň:

  •   Hiç bir adam Mukaddes Kitabyň taryhy taýdan dogrulygyny doly şübhä goýup bilmeýär.

  •   Mukaddes Kitaby ýazan adamlar ähli zady dogruçyl hem-de açyk beýan edipdirler. Olaryň dogruçyllygy Ýazgylaryň hakykatdygyna şek-şübhe galdyrmaýar.

  •   Mukaddes Kitabyň esasy bir temasy bar: Hudaýyň adamzadyň üstünden hökümdarlyk etmäge haklydygyny subut etmek we gökdäki Patyşalygy arkaly niýetini amala aşyrmak.

  •   Mukaddes Kitap müňlerçe ýyl mundan ozal ýazylan bolsa-da, onda gadymy döwürde giňden ýaýran nädogry ylmy düşünjeler ýok.

  • Taryhy dokumentler Mukaddes Kitapdaky pygamberlikleriň doly ýerine ýetendigini subut edýär.