Esasy materiala geçiň

Jan näme?

Jan näme?

Mukaddes Kitabyň jogaby

 Mukaddes Kitapda ýewreýçe «nefeş», grekçe «psihi» diýen sözler «jan» diýip terjime edilýär. Bu söz göni manyda ýewreýçe «dem alýan jan», grekçe bolsa «ýaşaýan jan» diýen manyny berýär. a Jan — janly organizmiň içindäki ölenden soň ýaşamagyny dowam edýän zat däl-de, adamyň we haýwanyň özi. Geliň, Mukaddes Kitapda munuň nädip görkezilýändigine seredeliň:

Adam ata jan berilmedi, onuň özi diri jan boldy

  •   Ýehowa Hudaý ilkinji ynsan Adam atany ýaradanda, Mukaddes Kitapda: «Adam janly barlyk boldy» diýilýär (1 Musa 2:7). Adam ata jan berilmedi, onuň özi diri jan, ýagny adam boldy.

  •   Mukaddes Kitapda janyň işläp, iýip-içip, kanunlara gulak asyp we ölä galtaşyp bilýändigi aýdylýar (3 Musa 5:2; 7:20; 23:30; 5 Musa 12:20; Rimliler 13:1). Bularyň ählisini adamyň bir bölegi däl-de, onuň özi edýär.

Jan ölmeýärmi?

 Ýok, jan ölýär. Mukaddes Kitapda onuň ölýändigini görkezýän birnäçe aýatlar bar. Aşakda olaryň käbiri getirilen:

  •   «Günä eden adam ölmelidir» (Hyzkyl 18:4, 20).

  •   Gadymy Ysraýylda agyr günä eden adam «öz halkynyň arasyndan kowlup çykarylýardy» (2 Musa 12:15, 19; 3 Musa 7:20, 21, 27; 19:8). Şeýle adam «ölüme höküm edilýärdi» (2 Musa 31:14).

  •   Mukaddes Kitabyň käbir aýatlarynda ölen adamyň jesedine göni manyda «öli» ýa-da «jeset» diýip aýdylýar (3 Musa 21:11; 4 Musa 6:6). Mukaddes Kitabyň köp terjimelerinde bu aýatlarda «ölen beden» ýa-da «ölen adam» diýen jümleler ulanylsa-da, asyl nusgadaky ýewreý dilinde «nefeş», ýagny «jan» diýen söz ulanylýar.

«Jan» sözi «ýaşaýyş» diýmegi aňladýar

 Mukaddes Kitapda «jan» sözüniň käte «ýaşaýyş» diýen manysy hem ulanylýar. Meselem, Eýýup 33:22-de ýewreýçe «jan» («nefeş») sözi «ýaşaýyş» diýen manyda ulanylýar. Şeýle-de Mukaddes Kitapda adamyň janyny, ýagny ýaşaýşyny howp astyna salyp ýa-da ýitirip bilýändigi aýdylýar (2 Musa 4:19; Serdarlar 9:17; Filipililer 2:30).

 «Jan» diýen söz 1 Musa 35:18-de aýdylyşy ýaly, adamdan «janyň çykýandygyna» düşünmäge kömek edýär. Bu göçme manyda adamyň ýaşaýşynyň tamamlanýandygyny görkezýär. Käbir terjimelerde 1 Musa 35:18-de: «Ol soňky gezek dem aldy» diýilýär («Good News Translation», «New Jerusalem Bible»).

Ölmeýän jan baradaky taglymat nireden gelip çykan?

 Hristian dininiň wekilleri ölmeýän jan baradaky taglymaty Mukaddes Kitapdan däl-de, gadymy grek filosofiýasyndan alypdyr. Mukaddes Kitabyň bir ensiklopediýasynda şeýle diýilýär: «Jan bilen teniň hersi aýry zat bolsa-da, Mukaddes Kitapda olaryň arasynda tapawudyň bardygy aýdylmaýar» («The Grote Winkler Prins»). Şeýle-de başga bir ensiklopediýada: «Hristianlaryň jan bilen teni tapawutlandyryp öwredýän düşünjesi gadymy grek filosofiýasyndan gelip çykypdyr» diýilýär («The Encyclopædia Britannica»).

 Hudaý ölmeýän jan ýaly ynsan filosofiýalarynyň Mukaddes Kitapdaky taglymatlar bilen garyşmagyny islemeýär. Şol sebäpli Mukaddes Kitapda: «Seresap boluň, hiç kim sizi Mesihiň taglymatlaryna esaslanmadyk boş zatlar,.. we ynsan adatlary bilen aldap, ýesir edäýmesin» diýip duýduryş berilýär (Koloslylar 2:8).

a «The New Brown, Driver, and Briggs Hebrew and English Lexicon of the Old Testament» atly sözlügiň 659-njy we «Lexicon in Veteris Testamenti Libros» atly kitabyň 627-nji sahypasyna serediň. Mukaddes Kitabyň köp terjimelerinde «nefeş» hem-de «psihi» diýen sözler kontekste görä, «jan», «ýaşaýyş», «adam», «ýaradylyş» ýa-da «beden» diýip ulanylýar.