Esasy materiala geçiň

Isa pygamber öýlenendimi? Onuň dogan-uýalary bardymy?

Isa pygamber öýlenendimi? Onuň dogan-uýalary bardymy?

Mukaddes Kitabyň jogaby

 Mukaddes Kitapda Isa pygamberiň öýlenendigi barada hiç zat aýdylmaýar. Muňa garamazdan, ondan Isanyň aýalynyň bolmandygyny aýdyň görse bolýar a. Geliň, bu barada birnäçe delillere seredeliň.

  1.   Mukaddes Kitapda köplenç Isanyň maşgala agzalary, wagyzda yzyna eýeren we höküm edilende ýanynda bolan aýallar barada aýdylsa-da, aýalynyň bardygy barada hiç zat aýdylmaýar (Matta 12:46, 47; Markus 3:31, 32; 15:40; Luka 8:2, 3, 19, 20; Ýahýa 19:25). Munuň esasy sebäbi bolsa Isanyň öýlenmändigini görkezýär.

  2.   Isa pygamber Hudaýa köpräk gulluk etmek üçin maşgala gurmaýan adamlar barada şeýle diýdi: «Kim öýlenmek islemese, goý, öýlenmesin» (Matta 19:10—12). Ol öýlenmän, ömrüni Hudaýa bagyşlamagy ýüregine düwen adamlara görelde galdyrdy (Ýahýa 13:15; 1 Korinfliler 7:32—38).

  3.   Isa ölmeziniň öň ýanynda şägirtlerinden birine ejesiniň aladasyny etmegi tabşyrdy (Ýahýa 19:25—27). Eger Isanyň aýaly ýa-da çagalary bolan bolsa, ol hökman olaryň hem aladasyny ederdi.

  4.   Mukaddes Kitapda Isa ärler üçin görelde edip görkezilse-de, onuň aýaly bilen özüni nähili alyp barandygy barada hiç zat aýdylmaýar. Onda: «Eý ärler, Mesihiň ýygnagy söýüp, onuň üçin janyny gurban edişi ýaly, siz hem aýalyňyzy elmydama söýüň» diýilýär (Efesliler 5:25). Eger Isa öýlenen bolsa, ol kämil är hökmünde agzalmazdymy?

Isanyň dogan-uýalary bardymy?

 Hawa. Isanyň azyndan Ýakup, Ýusup, Simon we Ýahuda atly dört dogany hem-de iki uýasy bardy (Matta 13:54—56; Markus 6:3). Olaryň ejesiniň adyna Merýem, kakasynyň adyna Ýusup diýerdiler (Matta 1:25). Mukaddes Kitapda Isa Merýemiň «ilkinji ogly» diýilýär; diýmek, onuň başga-da çagalary bolupdyr (Luka 2:7).

Isanyň doganlary baradaky ýalňyş düşünjeler

 Käbir adamlar Merýemiň durmuşa çykmadyk gyzdygy baradaky düşünjäni goldamak üçin, olar «doganlar» sözüne göni manyda düşünmeli däldigini aýdýarlar. Meselem, käbiri Isanyň «doganlary» diýlende, Ýusubyň birinji nikasyndan bolan ogullarydyr öýdýärler. Emma Mukaddes Kitapda Dawudyň patyşalyk tagtyny diňe Isanyň miras almaga hakynyň bardygy aýdylýar (2 Şamuwel 7:12, 13; Luka 1:32). Eger Ýusubyň Isadan öň çagalary bolan bolsa, onda bu tagty onuň uly ogly miras alardy.

 «Doganlar» sözi Isanyň şägirtlerine degişli bolup bilermi? Şeýle düşünje Mukaddes Kitaba garşy gelýär, sebäbi Isanyň «doganlarynyň oňa iman etmeýän» wagty hem bolupdy (Ýahýa 7:5). Mukaddes Kitapda Isanyň doganlary şägirtlerinden aýratyn agzalýar (Ýahýa 2:12).

 Başgalaryň aýtmagyna görä, Isanyň «doganlary» diýlende, onuň doganoglanlary göz öňünde tutulýar. Emma Injilde «dogan», «garyndaş» we «ýegen» ýaly garyndaşlar üçin dürli sözler ulanylýar (Luka 21:16; Koloslylar 4:10). Köp alymlar Isanyň enebir dogan-uýalarynyň bardygy bilen ylalaşýarlar. Meselem, bir kitapda: «„Doganlar“ diýlende, Merýem bilen Ýusubyň ogullary, ýagny Isanyň enebir doganlaryny göz öňünde tutmak ýerlikli» diýilýär («The Expositor‘s Bible Commentary») b.

a Mukaddes Kitapda Isa pygambere «öýlenýän ýigit» diýilse-de, konteksti göz öňünde tutsaň, bu jümle göçme manyda ulanylýar (Ýahýa 3:28, 29; 2 Korinfliler 11:2).

b Şeýle-de Winsent Teýloryň «The Gospel According to St. Mark» (II neşiri, sah. 249) we Jon P. Maýeriň «A Marginal Jew — Rethinking the Historical Jesus» (I tom, sah. 331, 332) kitaplaryna seredip bilersiňiz.