Esasy materiala geçiň

Biziň ölmeli wagtymyz öňünden kesgitlenenmi?

Biziň ölmeli wagtymyz öňünden kesgitlenenmi?

Mukaddes Kitabyň jogaby

 Ýok, biziň ölmeli wagtymyz öňünden kesgitlenmeýär. Mukaddes Kitapda adamyň ölüm sagadynyň onuň maňlaýyna ýazylýandygy aýdylmaýar. Gaýtam, ol ýerde ölümiň adamyň başyna köplenç duýdansyz gelýändigi düşündirilýär (Nesihat 9:11).

Onda näme üçin Mukaddes Kitapda «ölmegiň öz wagtynyň» bardygy aýdylýar?

 Hawa, Nesihat 3:2-de: «Dogulmagyň öz wagty bar, ölmegiň öz wagty; ekmegiň öz wagty bar, ormagyň öz wagty» diýilýär. Emma munuň öňündäki we yzyndaky sözlere üns bersek, bu aýatda durmuşda üznüksiz gaýtalanyp duran ýagdaýlar barada gürrüň edilýändigine göz ýetirýäris (Nesihat 3:1—8). Hudaý belli bir wagtda daýhany tohum ekmäge mejbur etmeýşi ýaly, biziň hem ölüm sagadymyzy öňünden kesgitläp goýmaýar. Bu aýatda, esasan, Ýaradyjymyzy ýatdan çykarmaz ýaly, gündelik işler bilen çendenaşa başagaý bolmaly däldigimiz aýdylýar (Nesihat 3:11; 12:1, 13).

Adam ömrüni uzaldyp bilýär

 Durmuşda tötänden bolýan ýagdaýlara garamazdan, biz oýlanyşykly hereket etsek, köplenç ömrümizi uzaldyp bilýäris. Mukaddes Kitapda: «Akyldarlaryň tälimi adamy ölüm duzaklaryndan dyndarýan ýaşaýyş çeşmesidir» diýilýär (Nakyllar 13:14). Musa pygamberem ysraýyllylara Hudaýyň parzlaryny berjaý etseler, «ömürleriniň uzak boljakdygyny» aýdypdy (5 Musa 6:2). Emma biz akylsyzlyk edip, erbet işlere baş goşsak, öz ömrümizi gysgaldýarys (Nesihat 7:17).

 Adam näçe paýhasly ýa seresaply bolsa-da, ölümden gaçyp gutulyp bilmeýär (Rimliler 5:12). Ýöne bu hemişe beýle bolup durmaz. Sebäbi Mukaddes Kitapda gelejekde ölümiň bolmajakdygy wada berilýär (Ylham 21:4).