Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

JW LIBRARY

Okamagy amatly edýän sazlamalar. Android

Okamagy amatly edýän sazlamalar. Android

«JW Library» programmasynda okamagy has amatly edýän funksiýalar bar. Siz bu funksiýalary baby ýa makalany okanyňyzda ekranyň ýokarsyndan tapyp bilersiňiz.

Käbir funksiýalary görmek üçin ekranyň sag burçundaky üç nokada basyň.

Okaýan zatlaryňyzy has oňaýly edip, sazlamak üçin, aşakdaky görkezmelere eýeriň.

 Dilini üýtgetmek

Siz okaýan babyňyzyň ýa-da makalaňyzyň dilini üýtgedip bilersiňiz.

  • Diller düwmesine basyň, şonda okaýan sahypaňyzy başga dillerde görersiňiz. Iň köp ulanýan diliňiz sanawyň başynda bolar. Şol ýerde sada iňlis dilinde ýazylan «Garawul diňi» žurnaly hem bar. Şeýle-de siz başga dili ýazyp, gözläp bilersiňiz.

  • Ýüklenilmedik dillerde bulut şekilli belgi bolýar. Edebiýaty ýüklemek üçin şol diliň üstüne basyň. Edebiýaty ýükläniňizden soň, bulut şekilli belgi ýiter. Edebiýaty okamak üçin onuň üstüne basyň.

 Harplaryň ululygyny üýtgetmek

Okaýan tekstiňiziň ululygyny islegiňize görä üýtgedip bilersiňiz.

Teksti sazla diýen jümlä basyň, soňra tekst sazlaýjy arkaly ony ulaldyň ýa-da kiçeldiň. Üýtgeden ölçegiňiz programmadaky ähli edebiýatlarda-da üýtgär.

 Surat ýa⁠-⁠da tekst görnüşi

Käbir makalalar surat ýa-da tekst görnüşinde bolup biler. Siz olardan özüňize geregini saýlap bilersiňiz.

  • Surat görnüşi — sahypany çap edilen ýaly görkezýär. Käbirleri notaly aýdym kitabyny halaýandygy üçin, surat görnüşini saýlaýar.

  • Tekst görnüşinde getirilen aýatlaryň üstüne basyp açyp bolýar we teksti islendik ölçegde goýup bolýar.

 Şular arkaly aç. . .

Şular arkaly aç... diýen funksiýa, «JW Librarydan» okaýan makalaňyzy beýleki programmalardan açmaga kömek edýär.

Şular arkaly aç... diýen söze bassaňyz, käbir wariantlary görersiňiz. Meselem, Onlaýn kitaphanadan aç diýen jümlä bassaňyz, okaýan sahypaňyz Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASYNDA açylar.

 Mukaddes Kitabyň terjimesini saýlamak

Edebiýatdaky aýadyň üstüne basyp, ony açyp bolýar. Aýatlaryň aşagyndaky Sazla diýen söze basyp, sanawa islän diliňizdäki ýüklän Mukaddes Kitabyňyzy goşup bolýar.

Goşmak ýa-da Aýyrmak düwmesine basyp, beýleki terjimeleri goşup ýa-da aýryp bolýar. Mukaddes Kitaby ýokaryk ýa-da aşak süýşürip, üýtgedip bolýar.

«JW Library» programmasyndaky «Mukaddes Kitaby ýükläň we peýdalanyň. Android» bölüminden Mukaddes Ýagylaryň terjimelerini nadip ýükläp bolýandygyny öwreniň.

Şu funksiýalar 2015-nji ýylyň fewralynda çykan «JW Library» 1.4 wersiýasyna goşuldy. Ol Android 2.3 ýa-da ondan soňky wersiýalarynda işleýär. Eger siz şu funksiýalary görmeýän bolsaňyz, «JW Library» programmany ulanyň. Android» diýen makalanyň içindäki «Täze funksiýalar» diýen bölümde berilýän görkezmä eýeriň.