Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

6-NJY BÖLÜM

Dogan-uýalar bilen gürrüňdeş bolmagyň nähili peýdasy bar?

Dogan-uýalar bilen gürrüňdeş bolmagyň nähili peýdasy bar?

Madagaskar

Norwegiýa

Liwan

Italiýa

Tozanly ýa-da batgalyk ýollardan ýöremeli bolsa-da, ýa-da howanyň yssy-sowuklygyna garamazdan, biz ýygnak duşuşyklaryna yzygiderli barýarys. Ýehowanyň Şaýatlary aladaly bolsalar-da, işden ýadap gelseler-de, imandaşlary bilen duşuşmak üçin tagalla edýärler. Şeýle etmäge olary näme höweslendirýär?

Kynçylyklary ýeňmäge kömek edýär. Pawlus resul mesihçiler ýygnagynyň agzalaryna: «Birek-birege ünsli boluň» diýip ýazdy (Ýewreýler 10:24, TD). Bu jümle biziň imandaşlarymyzy gowy tanamalydygymyzy aňladýar. Diýmek, Pawlusyň sözleri biri-birimiz bilen ýürekden gyzyklanmaga höweslendirýär. Belki-de, dogan-uýalaryň käbiri biziň duş gelýän kynçylyklarymyzy başdan geçirendirler. Eger biz olar bilen ýakyndan tanyşsak, olaryň kynçylyklaryny nädip ýeňendiklerini bileris. Biz hem olaryň göreldesine eýerip, öz kynçylyklarymyza hötde gelip bileris.

Dostlukly gatnaşygymyzy berkidýär. Ýygnak duşuşyklaryna gelýän adamlar biziň ýöne bir tanyşlarymyz däl-de, ýakyn dostlarymyzdyr. Biz ýygnak duşuşyklaryna gatnaşmak bilen çäklenmän, olar bilen dynç hem alýarys. Imandaşlar bilen gürrüňdeş bolmaklyk bize nähili peýda getirýär? Bu bize birek-biregiň gadyryny bilmäge we doganlyk söýgüsini ösdürmäge kömek edýär. Biz imandaşlarymyz bilen ýakyndan dostlaşýarys we olara gerekli kömegi bermäge hemişe taýyn bolýarys (Süleýmanyň tymsallary 17:17). Biz ýygnak agzalarynyň ählisi bilen gürrüňdeş bolup, «biri-birimiziň aladamyzy edýändigimizi» görkezýäris (1 Korintoslylar 12:24—26).

Biz size Hudaýyň islegini ýerine ýetirýän adamlar bilen dostlaşmagy maslahat berýäris. Siz şeýle dostlary Ýehowanyň Şaýatlarynyň arasyndan tapyp bilersiňiz. Size olar bilen dostlaşmaga, goý, hiç zat päsgel bermesin!

  • Imandaşlar bilen gürrüňdeş bolmagyň nähili peýdasy bar?

  • Siz ýygnak duşuşyklarymyza haçan gelmek isleýärsiňiz?