Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Geçmişden sapak. Ýusup

Geçmişden sapak. Ýusup

Geçmişden sapak. Ýusup

Ýusup kyn ýagdaýa düşýär. Hojaýyny Potyparyň aýaly ony her gün özi bilen ýatmaga yrjak bolýardy. Ol bu günem Ýusuby yrmaga jan edýär. Ýöne ol bu gezegem berk durup, muňa ýol bermeýär. Ol hojaýynynyň aýalyna: «Nädip men beýle gabahat iş edip, Hudaýyň öňünde günä gazanyp bilerin?!» diýýär. Ol Ýusuby diňlemek islemedi, hatda eşiginden tutup, saklajak bolanda-da, Ýusup daşaryk gaçyp gitdi. Şeýdip, Ýusup ahlak taýdan arassa galmak isleýändigini görkezdi (Gelip çykyş 39:7—12).

Biri ahlaksyzlyk etmäge yrjak bolsa, sen hem şeýle ýagdaýa düşmegiň mümkin. Ondan baş alyp çykmak üçin diňe özüňe erk etmek ýeterlik bolmaýar. Iň esasy zat, Ýaradyjyň Ýehowa Hudaýy gynandyrmaly däl. Elbetde, Ýusupda hem seniňki ýaly jynsy gatnaşyk etmek islegi bolandyr. Emma ol islegini şeýle usul bilen kanagatlandyryp, Ýaradyjysyny gynandyrmak hakda pikirem eden däldir. Durmuş gurmazdan öň jynsy gatnaşyk etseň, Hudaýyň adyna ysnat getirýändigiňi we kalbyňdaky rahatlygyň bozulýandygyny ýatdan çykarma. Şonuň üçin Ýusup ýaly ahlak taýdan päkligiňi sakla!