Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

OÝA BOLUŇ!

Ýer ýüzi dargap barýar. Mukaddes Kitapda näme diýilýär?

Ýer ýüzi dargap barýar. Mukaddes Kitapda näme diýilýär?

 BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça hökümetara toparynyň 2022-nji ýylyň 4-nji aprelindäki hasabatynda BMG-niň Baş kätibi Antoniu Guterrişiň sözleri getirildi: «Adamlaryň derdinden ýer ýüzi dargap barýar. Uly-uly şäherleri suw alýar, howanyň gyzgynlygy gitdigiçe ýokary galýar, köp ýerlerde apy-tupan turýar, käbir ýerlerde bolsa gurakçylyk bolýar. Ösümlikleriň we haýwanlaryň birnäçe görnüşi ýitip barýar. Şu sanalan tebigy betbagtçylyklar toslama däl ýa⁠-⁠da ulaldylyp aýdylanok. Alymlaryň aýtmagyna görä, adamlar tebigy energiýany dogry ulanmasa, ýer ýüzüne zyýan ýeter».

 Ýaňy-ýakynda ABŞ-nyň Ýellouston şäherinde güýçli tupan boldy. Şol babatda 2022-nji ýylyň 15-nji iýunynda çykan bir gazetde şeýle diýildi: «Alymlar öňümizdäki ýyllarda howa şertleriniň üýtgemegi, esasanam, temperaturanyň ýokary galmagy sebäpli ABŞ-nyň 423-e golaý tebigy goraghanasyna zyýan ýeter diýip çaklaýar. Mukaddes Kitapda-da tebigy betbagtçylyklaryň boljakdygy, ot alyp, tokaýlaryň ýanjakdygy, suw joşup, köp ýerleri weýran etjekdigi, jokrama yssynyň boljakdygy, buzlaryň erejekdigi öňünden aýdylan» («The New York Times»)

 Tebigat bilen bagly kynçylyklar çözülermi? Ýagdaýy kim düzeder? Geliň, Mukaddes Kitapda näme diýilýändigini bileliň.

Adamlaryň tebigaty zaýalajakdygy ýazylan

 Mukaddes Kitapda Hudaýyň «ýer ýüzüni dargadýanlary» ýok etjekdigi aýdylýar (Ylham 11:18). Şu aýatdan üç zady bilse bolýar.

  1.  1. Adamlar ýer ýüzüniň köp bölegini zaýalar.

  2.  2. Hudaý adamlara ýer ýüzüni dargatdyrmaz.

  3.  3. Tebigat bilen bagly kynçylyklary aýyrmaga adamlaryň güýji ýetmez, muny diňe Hudaý başarar.

Ýer ýüzünde gowy şertler bolar

 Mukaddes Kitapda «Ýer ebedi durar» diýilýär (Nesihat 1:4). Diýmek, ýerde ýaşaýyş hemişe bolar.

  •   «Dogruçyl adam ýeri miras alar, onda ebedi ýaşar» (Zebur 37:29).

Howa şertleri gowy bolar, ýer ýüzi gülläp öser.

  •   «Çöl we takyrlyk begener, düzlük şatlanar, zagpyran deý gül açar» (Işaýa 35:1).