Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

64-NJI AÝDYM

Hasyla höwes bilen gatnaşalyň

Hasyla höwes bilen gatnaşalyň

(Matta 13:1—23)

  1. 1. Hasyl ýygylýan döwür geldi,

    Serediň ekin meýdana.

    Goşant goşalyň höwes bilen,

    Işleri goýup bir ýana.

    Isa boldy gowy görelde,

    Hasyla gatnaşdy günde.

    Biz hem öýden-öýe aýlanalyň,

    Wagza gatnaşalyň günde.

  2. 2. Wagt barka bolalyň yhlasly,

    Söýeliň her bir ynsany.

    Wagyz edeliň, öwredeliň,

    Gaýgyrmalyň şirin jany.

    Geliň, şatlanalyň ýürekden,

    Ýehowa berer bereket.

    Iň soňuna çenli gatnaşalyň,

    Edip aýgytly hereket.