Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Sement garylan palçygyň kerpiçleri berk saklaýşy ýaly, hormat bilen aýdylan sözler hem maşgala ojagyny berk saklaýar

ÄR-AÝALLARA

3. Hormat goýmak

3. Hormat goýmak

NÄME?

Esasanam, düşünişmezlik dörände, är-aýal biri-birine hormat goýmaly. Maşgalalar baradaky bir kitapda şeýle diýilýär: «Biri-birine hormat goýýan är-aýal hiç haçan öz diýenini gögertjek bolmaýar. Gaýtam mähirli gepleşip, kynçylygy çözýär. Olar ýanýoldaşynyň sözüni bölmän, ünsli diňleýär we ylalaşyp bir karara gelýär» («Ten Lessons to Transform Your Marriage»).

MUKADDES KITAPDAKY MASLAHAT: «Söýgi... öz peýdasyna çapmaýar» (1 Korinfliler 13:4, 5).

«Aýalyma hormat goýmak üçin, ýagşy häsiýetleri hakda oýlanýaryn. Onuň göwnüne degmejek bolup jan edýärin, sebäbi maşgalamyzyň agzybir, bagtly bolmagyny isleýärin» (Maksat).

NÄME ÜÇIN WAJYP?

Maşgalada sylag-hormat bolmasa, är-aýal biri-birini adam hatarynda görmez, äsgermezçilik eder, göwnüne deger. Şeýle maşgalalar uzaga gitmän, dargaýar.

«Aýalyňyzyň üstünden gülseňiz, ýaňsylasaňyz oňa agyr degýär. Halamaýan zadyny etseňiz, aýalyňyzy ynjydyp, maşgalaňyzy dargadarsyňyz» (Baýram).

NÄME EDIP BILERSIŇIZ?

ÖZÜŇIZI BARLAŇ

Şu hepde ýanýoldaşyma...

  • öwgüli sözleri köp aýtdymmy ýa-da igendim?

  • hormat goýýanymy nädip görkezdim?

GEPLEŞIŇ

  • Birek-birege hormat goýýanymyzy haýsy hereketimiz ýa-da sözümiz bilen görkezip bileris?

  • Näme etsek ýa-da diýsek bir-birimizi kemsidýän ýaly bolarys?

MASLAHAT

  • Ýanýoldaşyňyzyň nädip hormat goýmagyny isleýärsiňiz? Şolaryň üçüsini ýazyň. Soňra ýazan zatlaryňyzy biri-biriňize görkeziň we şolara eýermäge jan ediň.

  • Ýanýoldaşyňyzyň haýsy häsiýetlerini has gowy görýändigiňizi ýazyň. Soňra şol häsiýetlerini näme üçin halaýandygyňyzy aýdyň.

«Ärimiň gadyryny bilip, oňa minnetdarlyk aýdýaryn, göwnüne ýaraýan zatlary edýärin. Şeýdip, hormat goýýandygymy görkezýärin» (Merjen).

Belki-de, siz: «Men ýanýoldaşyma artygy bilen hormat goýýaryn» diýýänsiňiz. Ýöne ol siziň hormat goýýanyňyzy görýärmi?

MUKADDES KITAPDAKY MASLAHAT: «Mähirli, duýgudaş, mylakatly, pesgöwünli, ýumşak we sabyrly boluň» (Koloslylar 3:12).