Esasy materiala geçiň

Ýehowanyň Şaýady bolan adam guramadan gidip bilýärmi?

Ýehowanyň Şaýady bolan adam guramadan gidip bilýärmi?

 Hawa. Adam iki ýagdaýda guramadan gidip biler:

  •   Öz islegi boýunça. Ol Ýehowanyň Şaýady bolmak islemeýändigi barada gelen kararyny dilden ýa-da hat üsti bilen aýdyp biler.

  •   Eden işi üçin. Adam eden işi sebäpli bütindünýä doganlygyň agzasy bolmak hormatyny ýitirip biler (1 Petrus 5:9). Meselem, ol başga dine goşulyp, onda galmak isleýändigini aýtmagy mümkin (1 Ýahýa 2:19).

Eger adam indi wagyz etmeýän ýa-da ýygnak duşuşyklaryna gatnamaýan bolsa näme? Şeýle ýagdaýda ol guramadan çykarylýarmy?

 Elbetde, ýok. Eger adamyň imany gowşan bolsa, bu onuň guramany terk edendigini aňlatmaýar. Köplenç şeýle adamlar ruhy taýdan gowşap, belli bir wagt ýygnak duşuşyklaryna barmagyny we wagyz etmegini bes etseler-de, hakykat ýolundan dänmeýärler. Biz şeýle dogan-uýalardan özümizi çetde tutman, gaýtam, olary goldap, ruhy taýdan kömek etmäge çalyşýarys (1 Selanikliler 5:14; Ýahuda 22). Eger şeýle dogan-uýalardan biri özüne kömek edilmegini islese, ýygnak ýaşululary olary höwes bilen goldaýar (Galatýalylar 6:1; 1 Petrus 5:1—3).

 Emma ýaşulular olary Ýehowanyň Şaýady hökmünde gullugyny dowam etmäge mejbur etmeli däl. Hudaýa gulluk etmelimi ýa-da däldigini her kimiň özi çözýär (Ýuşa 24:15). Biz adamyň Hudaýa öz islegi bilen ýürekden sežde etmelidigine düşünýäris (Zebur 110:3; Matta 22:37).