Esasy materiala geçiň

Ýehowanyň Şaýatlarynyň hak tölenýän ruhanylary barmy?

Ýehowanyň Şaýatlarynyň hak tölenýän ruhanylary barmy?

 I asyrdaky mesihçiler ýaly şu günlerem Ýehowanyň Şaýatlarynyň arasynda ruhany we garamaýak halk diýen bölünişik ýok. Olaryň suwa çümdürilen agzalarynyň hemmesi Hudaýyň gullukçylary hasaplanýar we wagyz etmek hem-de tälim bermek işine gatnaşýar. Şaýatlaryň her ýygnagynda takmynan 100 adam bar. Her ýygnakda ruhy taýdan ösen erkek adamlar «ýaşuly» bolup gulluk edýärler (Titus 1:5). Munuň üçin olara hak tölenmeýär.