Esasy materiala geçiň

Fransiýada Mukaddes Ýazgylaryň halkara sergisi

Fransiýada Mukaddes Ýazgylaryň halkara sergisi

2014-nji ýylda demirgazyk Fransiýanyň Ruan şäherinde halkara sergi geçirilende, müňlerçe adamlar «Mukaddes Ýazgylar — geçmişde, häzir we gelejekde» atly özüne çekiji sergä bardylar.

Sergi geçirilýän ýeriň daşynda uly ekranlarda Mukaddes Ýazgylaryň gadymy golýazmalary baradaky wideolar görkezildi. Bu bolsa geçip barýan adamlaryň ünsüni özüne çekýärdi. Serginiň içinde adamlar Mukaddes Ýazgylardaky peýdaly maslahatlar, ondaky taryhy hem-de ylmy maglumatlaryň dogrudygy we bu kitabyň giňden ýaýrandygy hakda köpräk bildiler.

Şeýle-de sergide Mukaddes Ýazgylaryň ençeme asyrlardan bäri şu günlere nädip ýetendigi we häzir onuň çap edilen hem-de elektron görnüşini milliardlarça adamlaryň okap bilýändigi görkezildi. Sergä gelen adamlar Mukaddes Ýazgylaryň «Täze dünýä terjimesini» mugtuna aldylar. Ýehowanyň Şaýatlary bu kitaby 120-den gowrak dilde çykarýarlar.

Köp adamlar Şaýatlaryň Mukaddes Ýazgylary köpçülige ýetirmek üçin gurnan bu sergisine minnetdarlyk aýtdylar. Ýaşlar bilen işleşýän guramanyň bir agzasy ýetginjekler bilen sergide aýlanyp ýörkä, şeýle diýdi: «Mukaddes Ýazgylar bize ata-babalarymyzdan galan miras. Bu durmuşymyz üçin peýdaly kitap. Ony her gezek okanymda, kynçylyklarymyň çözgüdini tapýaryn».

60 ýaşly bir aýal Mukaddes Ýazgylary mugtuna alyp bolýandygyny bilende, gaty haýran galyp, şeýle diýdi: «Biz muny gaýtadan okap başlamaly, sebäbi bu kitap biziň hemmämize gerekdir!»